Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen gyzyklandy

  • 23.07.2024 01:08
  • 9.2k+

22-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer we welaýatlaryyň häkimleri ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli bugdaý tohumlary taýýarlanylýar.  
Ýurdumyzyň  gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.  
Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli  işler alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, ýurdumyzyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......