Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

  • 09.07.2024 06:43
  • 9.1k+

Häzirki wagta çenli Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew duşenbe güni geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Balkan we Daşoguz welaýatynyň häkimleri galla oragy boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendiklerini habar berdiler.
Serdar Berdimuhamedow ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......