Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

  • 11.06.2024 12:00
  • 11k+

10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragyna girişilip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek işleri guramaçylykly dowam edýär.
Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ideg işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişine girişmek üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişilendigini, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa indi girişiljekdigini aýdyp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......