Welaýat häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdiler

  • 27.02.2024 09:14
  • 11k+

26-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary, pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkimler “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaçanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini, üpjün etmegi häkimlere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary, oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we çigitleri arassalamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny giňeltmek hem-de döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi we bu möwsümi guramaçylykly geçirmegiň geljekde ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, möwsümde işlediljek ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň we beýleki azyklyk ekinleriniň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýazky bag ekmek möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......