Dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler

  • 29.11.2023 18:26
  • 9.7k+

5-nji dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada RF-iň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa hepdelik brifingde aýtdy diýip, Trend habar berýär.

“5-nji dekabrda Moskwada ýurdumyzyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygynda Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär” – diýip, ol belledi.

Zaharowa duşuşygyň dowamynda Hazar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna üns bermek bilen, özara bähbitli meseleleriň giň toplumyna garamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu duşuşyk 2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde ylalaşylan mandatyň çäginde täze yzygiderli ministr dialogynyň başlanandygyny alamatlandyrýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......