Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 28.11.2023 07:38
  • 8.1k+

27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär, ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär, pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we pagtany ýygnap almak işleriniň, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Öz gezeginde, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabatda guraljak dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we Aşgabat şäheriniň baýramçylyk äheňinde bezelmegini, talabalaýyk abadanlaşdyrylmagyny, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


şu gün 16:45
403

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....