Yslam ösüş banky Maryda, Balkanda we Lebapda onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmegi teklip etdi

  • 10.10.2023 07:54
  • 14k+

Dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş banky ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat boýunça iş saparynyň amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşlygynyň çäginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň dünýäniň dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle maliýe edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem bar.
Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almak, anyklamak we degişli bejergileri geçirmek babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynda we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......