Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

  • 10.10.2023 07:06
  • 5.1k+

9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanyna «Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bu Kararda bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we bökdençsiz geçirilmegini, pagta ýygymyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, şaly oragynyň we gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......