Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ulag ministrleriniň 1-nji duşuşygynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

  • 26.09.2023 10:04
  • 6.4k+

25 – 26-njy sentýabrda Pekinde durnukly ulag boýunça global forum geçirilýär. Bu çäre HHR-iň Ulag ministrligi we durnukly ulag pudagyndaky Global innowasiýalar we bilimler merkezi tarapyndan gurnalyp, umumy mejlisi, ministrleriň tegelek stoluny, tematiki sessiýalary, sergileri öz içine alýar diýip, Orient habar berýär.

Ulag edaralarynyň wekilleri we dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan olar bilen baglanyşykly kärhanalar bäş esasy tema, aýratynam, baglanyşyk, umumy ösüş, innowasiýalara esaslanýan ösüş, ekologiýa taýdan howpsuz ösüş we global dolandyryş boýunça pikir alyşmak üçin ýygnandylar.
25-nji sentýabrda Global forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ulag ministrleriniň Birinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk täze möhüm platforma bolup, onuň kömegi bilen alty ýurt sebitiň maýa goýum mümkinçilikleriniň ösüşine, onuň geografiki ýerleşişine hem-de ulag-üstaşyr geçiş potensialyna esaslanýan bäsdeşlik we preferensial artykmaçlyklarynyň durmuşa geçirilişine ýardam berer.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýurda wekilçilik etdi. Agentligiň baş müdiriniň orunbasary Batyr Annaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen strategiki hyzmatdaşlygyň ösüşine uly ähmiýet berýändigini we sebitiň her bir döwletiniň ykdysady ösüşine ýardam etjek Merkezi Aziýadaky ulag geçelgelerini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri görýändigini belledi.
Türkmenistan “Bir guşaklyk, bir ýol” ýaly uly göwrümli başlangyçlaryň durmuşa geçirilişine işjeň ýardam etmäge taýýardyr we soňky ýyllarda öz ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek üçin ep-esli serişdeleri maýa goýdy. 


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......