Türkmenistanda tomus paslyna mahsus howa başlandy

  • 27.05.2023 09:58
  • 16k+

Maý aýynyň birinji we ikinji on günlüklerinde üýtgäp duran howa şertlerinden soň, Türkmenistanda tomus döwrüne mahsus howa – temperatura ýokarlanyp, az bulutly, açyk, çyglylygy pes howa başlandy diýip, «Meteožurnal» habar berýär.

Türkmenistanyň birnäçe sebitinde temperatura + 40° C-den geçdi. Soňky iki günüň içinde ýurduň günbatarynda yssy boldy. Bereketde (Gazanjykda) +40,1°a çenli galdy, Balkanabatda edil şonuň ýaly howa boldy. Etrekde +40,5°.
Günbatarda we ýurduň merkezi sebitlerinde temperaturanyň kadadan ep-esli ýokarlanandygy bellige alyndy.
Ahal welaýatynda temperatura +40° töweregi. Aşgabatda 25-ine +39°, düýn +38,7° boldy. Bäherdende iň ýokary temperatura + 38,7°-a, Tejende +39°-a çenli.
Beýleki sebitlerde Gazagystanyň çäginden howa akymlarynyň gelmegi sebäpli howanyň temperaturasy ep-esli pes, şeýle-de bolsa hepdäniň başynda yssy bolupdy. Türkmenabatda 25-ine iň ýokary temperatura + 32,9°, Daşoguzda + 32,4° boldy.
Ýakyn günlerde temperatura +34… +39° aralygyndaky, käbir ýerlerde +41°-a çenli galar. Günüň çogy köp bolup,  ygal bolmaz.


şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.8k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....