Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen welaýatlarda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

  • 08.05.2023 23:53
  • 12k+

Şu gün, 8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy. Maslahata obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de  welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.
Şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi, şeýle hem şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda we binalarda, inženerçilik ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýerine hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......