2023-nji ýylyň marty Aşgabatda we beýleki sebitlerde taryhda iň maýyl aý boldy

  • 02.04.2023 21:53
  • 19k+

Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda 1891-nji ýyldan bäri iň maýyl mart aýy hasaba alyndy diýip, Meteožurnal neşiri habar berdi.

Ortaça temperatura + 17,4 gradus bolup, 2008-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 0,1 gradus ýokary boldy.
Aýyň ähli günlerinde howanyň temperaturasy kadadan ýokary boldy. Kadadan ýokarlanmanyň minimal derejesi 2 gradus, käbir günlerde birden 10-12 gradus, aýyň dowamynda bolsa iň ýokary temperatura + 32,6 gradus boldy.
Mart aýy Aşgabatda diňe bir adatdan daşary maýyl bolman, eýsem gurak hem boldy. Kada boýunça 42 mm ygal düşmeli bolsa, bary-ýogy 12,7 mm düşdi.
Baýramalyda iň maýyl mart aýynyň rekordy birbada 1,5 gradus täzelendi. Termometrdäki öňki iň ýokary bellik 2008-nji ýylda 16,9 gradus bolupdy. Bu ýyl bolsa 18,4 gradus boldy.

Baýramala ygal hasam az düşdi, kadada bolmalysynyň bary-ýogy 14% -i ýagdy.
Türkmenabatda hem 1,5 gradus rekord goýuldy. Şu ýylyň mart aýynyň temperaturasy 17,6 gradus boldy, 2008-nji ýylda bolsa iň ýokary derejesi  +16,1 gradus bolupdy. Bu ýerde ygal kadadakydan bary-ýogy 4% az düşdi.
Rekord Sarahsda 1,2 gradus täzelendi. Bu ýyl temperatura + 18,9 gradus boldy, 2008-nji ýylyň iň yssy mart aýy + 17,7 bolupdy. Mart aýynyň başynda şäherdäki temperatura + 35 gradusa ýetdi. Ygal - kadada belleneniň 25% -i.
Serhetabatda şu ýylyň marty juda maýyl geldi. Rekord 0,6 gradus täzelendi. Ondan öň iň maýyl mart 2008-nji ýylda bolupdy. Ygal kadadan ep-esli az düşdi - bary-ýogy 18%.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......