Türkmenistandan Azerbaýjana syýahatçylaryň sany 5 essä golaý artdy

  • 03.03.2023 11:26
  • 15k+

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistandan 1 müň 476 sany syýahatçy Azerbaýjana baryp gördi. Bu geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 4,96 esse artykdyr diýip, Trend Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentligine salgylanyp habar berýär.

Umuman, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana baran syýahatçylaryň sany 5309 adama ýetdi, bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden (1384) 3,83 esse köp.
Maglumatlara görä, Gazagystandan 2100 adam (ýyllyk ösüş 4,04 esse), Özbegistandan 1427 adam (ösüş 5,05 esse), Gyrgyzystandan 141 adam (80,77 göterim ösüş), Täjigistandan 165 adam (ýyllyk ösüş 4,58 esse) baryp gördi.
Belläp geçsek, bäş ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana 411 müň 141 sany daşary ýurtly baryp gördi (Gazagystandan 167 052, Türkmenistandan - 119 201, Özbegistandan - 96 278, Gyrgyzystandan 15 467, Täjigistandan - 13 143).
2022-nji ýylda Azerbaýjana 1 million 602 müň 600 sany daşary ýurtly raýatlary baryp gördi. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden gowrak artyk (790 müň 062).


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......