Türkmenistanyň ýene birnäçe şäherinde rekord sowuklar hasaba alyndy

  • 15.01.2023 15:21
  • 71k+

Türkmenabatda 1894-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň pes temperaturanyň aňrybaş rekordy goýuldy. Anna güni şäherde termometriň sütünjigi -25,4°-a çenli aşaklady diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär.

Serhetabatda gijelerine temperatura -27°-dan aşak düşdi. Bu gyş 1969-njy we 2008-nji ýyllaryň gyşlaryndan ep-esli sowuk bolup, howa edilen gözegçilikleriň tutuş taryhynda bu şäherde rekord dereje ikinji gezek gaýtalandy. Bu ýerde diňe 1905-nji ýylda -33,8° aýaz bolupdy.
Aşgabatda anna güni iň pes temperatura -16,4 ° boldy. Bu hem şäher üçin iň pes temperatura.
Şeýle hem Mary welaýatynyň aglaba bölegi, Lebap welaýatynyň günorta we merkezi etraplary hem-de Ahalyň günorta-gündogary adaty bolmadyk aýaz zolagynda ýerleşýär.


düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......