Nýu-Ýorkda «С5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi

  • 24.09.2022 13:42
  • 19k+

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri we wekilleri sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de “C5+1” diplomatik platformasynyň çäginde gatnaşyklary dowam etmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň dowam edip gelýändigini hem-de BMG-nyň düzgünnamasyny goldamaga ygrarlydyklaryny bellediler.
Türkmen tarapy duşuşykda eden çykyşynda syýasy we durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, özara maýa goýumlaryny, sebitleýin derejede infrastruktura, ulag we aragatnaşyk, sosial we energiýa taslamalaryny giňeltmäge mümkinçilik döredýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini belläp geçdi.
Belläp geçsek, «
C5+1» formaty 2015-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. 


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......