Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (30-njy bölüm)

  • 09.06.2022 17:40
  • 10k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (30-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Üstünlige az adamlaryň ýetýänliginiň sebäpleriniň biri — olar şowsuzlyklara, boýun towlamalara duçar bolmak islemeýärler. Ýöne şowsuzlygyň bardygyna garamazdan, erjelligiňi güýçlendirýän bir zat bar.
— O näme? — diýip, ýaş ýigit sowal berdi.
— Her synanyşygyňy derňewden geçirmek. Meniň aýtmakçy bolýan zadym, adamlar şowsuzlyga düşenden soň, adatça, «Bu işde näme kemçilik goýberdim?» diýip pikir edýär. Bu bolsa olarda özüne bolan hormatyny, ynamyny ýitirmek duýgusyny oýarýar, şonuň üçinem olar ýene bir gezek synanyşyk etmekden gaça durýar. Üstünlige ýetýän adamlar «Bu işde haýsy zady dogry etdim?» diýip oýlanýar. Şonuň üçinem olar ýetmek islän zatlaryna ýetmedik ýagdaýlarynda, özlerine şunuň ýaly sowaly berýär: «Men haýsy pursata çenli dogry hereket etdim?»
— Men siziň aýtjak bolýan zadyňyza düşünmedim — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Geliň kompýuter satýan satyjyny mysal alalyň. Ol haýsydyr bir müşderisine jaň edip, özüni tanadýar-da, ondan täze kompýuter edinmek isleýändigini soraýar. Soňra «ýok» diýen jogaby eşidip, telefony goýýar. Bolany. Ol şu gürrüňdeşlikde haýsy zady dogry edendir öýdýäňiz? Müşderisine jaň edip, harydyny hödürlänligi. Soňra ol alan bilimini ulanyp, ýene bir müşderi bilen gürleşmäge synanyşýar, ýöne bu gezek başgaça sowal berýär — müşderisinden täze çykan kompýuterleriň işde artykmaçlygynyň bardygyny bilesiniň gelýänini-gelmeýänini soraýar. Bu gezek ol adam bilesiniň gelýändigini, ýöne munuň üçin wagtynyň ýokdugyny aýdýar. Satyjy bu sapar nämäni dogry edendir öýdýäňiz? Ol soragy başgaça goýýar hemem müşderisiniň täze kompýuterler barada pikir ederden gaty işlidigini bilýär. Satyjy ýene bir gezek synanyşmak maksady bilen başga bir müşderä jaň edip, oňa täze sorag bilen ýüzlenýär: «Eger siz maňa bäş minut wagt berseňiz, onda men siziň çykdaýjylaryňyzyň hemem wagtyňyzyň azyndan elli göterimini azaltmagyň ýoluny görkezip bilerin». Bu müşderi hem örän işli eken, ýöne ol çykdaýjylaryny azaltmagyň ýoluny bilesi gelýär. Ol munuň üçin hiç hili pul çykarman, diňe işden soň bäş minut wagtyny sarp edäýmeli, şonuň üçinem ol duşuşyk wagtyny belleýär. Şeýdibem kompýuter satmaga mümkinçilik döreýär.
Oýlap tapyjylar hut şular ýaly pikir edýär hem-de özlerine şeýle sorag berýär: «Işimi dowam eder ýaly, men haýsy zady dogry etdim?». Eger başlan işimizde erjellik görkezmek isleýän bolsak — bir zady satmak ýa-da baýlyk toplamak  isleýän bolsak — biziň bilmeli zadymyz hut şu soragdyr.
Ýaş ýigit derrew ýandepderçesine bir zatlar bellik etdi, jenap Ijli bolsa sözüni dowam etdi.
— Men öňler: «Ykbalymyz maňlaýymyza ýazylandyr, ähli zat öňünden kesgitlenendir» diýen düşünjä gulluk edýärdim, ýöne indi ykbalymyzy özümiziň çözýändigimize berk ynanýaryn.
«Adam öz ykbalynyň eýesi» diýen düşünje hemem adama berlen ukyp-başarnyklar maňa egsilmez güýç-kuwwat berdi. Her hili ýagdaý bolsa-da, daş ýonujy ýaly hereket etsek, üstünlik gazanarys.
Jenap Ijli jübüsinde bir bölek kagyz çykardy, ýaş ýigide uzadyp durşuna şeýle diýdi:
— Men muny erjelligiň alamaty hökmünde elmydama ýanymda göterýän.
Kagyzyň gatyny açyp, ýaş ýigit aşakdakylary okady.

Yza çekilmäň!
Käte dünýe gapyşan ýaly bolýar,
Ýollar agralyp, ýöremek kynalýar,
Puluň azalyp, bergiň köpelýär,
Ýylgyrjak bolýaňyz, agyňyz tutýar,
Durmuş gitdigiçe kynlaşyp barýar,
Aladalaryň bary egniňizden basýar,
Şonda-da, doganlar, erjellik görkeziň!
Biraz dynç alyň, ýöne yza çekilmäň!

Edgar A.Gets

Şol gün agşam ýaş ýigit öz durmuşy barada kän oýlandy. Ol yzyna garap, hiç wagt erjellik görkezmändigine düşündi. Oňde kynçylyklar ýa-da päsgelçilikler gabat gelse, yza çekilip, ýeňilräk bir zatlar gözlärdi. Jenap Ijli bilen duşuşandan soň, üstünlige ýetesi gelse, erjellik görkezmelidigine hemem öňde her nähili kynçylyk dörese-de, daş ýonujy ýaly hereket düşündi.
Ol ýandepderçesini eline alyp, jenap Ijliniňkide eden ýazgylaryny ýene bir gezek gözden geçirdi.

Hakyky Baýlygyň altynjy syry — erjelligiň güýji.

1. Ýekeje gezek güýç görkezeniň bilen üstünlige ýetip bolanok, oňa ýetmek üçin gaty kän güýç görkezmeli.
2. Üstünlige ýeten we ýetmedik adamyň aratapawudy, adatça, zehini bilen däl-de, erjelligine bilen ölçelýär.
3. Netije bermedik islendik hereketden soň, hemişe özüňize şunuň ýaly sorag beriň: «Men haýsy pursata çenli dogry hereket etdim?» Indiki gezek synanyşyk edeňizde, bu sizi ruhlandyrar.
4. Eger-de daş ýonujy ýaly hereket edip, hemişe erjellik görkezseňiz, her eden synanyşygyňyzdan bir zatlar öwrenseňiz hemem yhlasdyr tagallalaryňyz üstünlik bilen tamamlanar.

(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...