Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (27-nji bölüm)

  • 01.06.2022 16:10
  • 11k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (27-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Çynyňyzmy? — diýip, ýaş ýigit geň galyp sorady. Siz meniň her aýky çykdaýjymy karz kartynyň hasabyna azaldyp bolar diýjek bolýaňyzmy?
— Elbetde — diýip, hanym Braun tassyklady.
— Içigar galan, men şu wagta çenli biderek ýere pul göterimini töläp gelipdirin — diýip, ol öz ýanyndan hüňürdedi.
— Özüňize beýle ýowuz daramaň — diýip, hanym Braun aýtdy. — Indi siz ýörite bilimiň näme üçin gerekdigine düşünip ugradyňyz.
— Ýogsa näme — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Eger siz ýokary hak tölenýän işe dursaňyz, ýörite bilim hökmany suratda gerek — diýip, hanym Braun sözüni dowam etdi. — Ýokary hak tölenýän işe geçmek isleseňiz, siziň ilki bilmeli zadyňyz — siz ony haýsy işde gazynyp biljek hemem munuň üçin size nähili bilim gerek? Size nähili hünär gerek hemem siz ol hünäri nirede edinip biljek?
Şonuň ýaly, eger siz öz hususy işiňizi döretmek isleýän bolsaňyz, ilki bilen, siziň şol iş barada ähli zady bilýändigiňize ynamyňyz bolmaly.
— Bu zatlar düşnükli — diýip, ýaş ýigit aýtdy, — ýöne ähli zady bilip bolmaz ahyry.
— Dogry aýdýaňyz — diýip, hanym Braun jogap berdi. — Men siziň ähli soraga jogap tapanyňyzy islämok-da, şol zatlar barada düşünjäňiziň bolanyny isleýän. Eger siz salgyt barada bilmeýän bolsaňyz, onda bu barada bilýän ynamly bir hasapçyny hakyna tutmaly bolarsyňyz. Eger siz öz işiňiziň önümi, hyzmaty barada bilmeýän bolsaňyz, onda siz muny bilýän adam bilen işleşmeli bolarsyňyz we şuňa meňzeşler.
Hatda iň gowy hukukçam kanunyň ähli ýerini bilenok. Kazyçylyk işinde gaty kän ýagdaýlara gabat gelinýär, şonuň üçinem bir adam olaryň baryny kellesinde saklap bilmez. Mundan başga-da, kanun elmydama üýtgäp durýar. Ýöne gowy hukukçy kanunyň niresinde näme bardygyny oňat bilýär.
— Öz baýlygyňyzy toplamak üçin siz näme etdiňiz? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi.
— Men eklenjiň başga çeşmesini gözlemelidigine düşündim, ýöne bar pikirim: «Näme ederkäm, meniň elimden näme gelýär?» diýen soragda jemlenýärdi. Munuň jogaby gaty azdy, meniň bar bilýän zadym kompýuterdi. Meniň hiç hili bilimim, hiç hili hünärim ýokdy. Ýöne baýlyk edinmekçi bolsam, bu ýagdaýy düzetmelidigine düşünýärdim.
Men agşamky mekdeplere gidip, kompýuter tehnologiýasyny ele almagy ýüregime düwdim. Sebäbi kompýuteriň islendik işde möhüm orny eýelejegini bilýärdim.
Men ähli zady ölçerip dökdüm. Kiçijik kompýuter, printer hemem telefon edindim-de, maslahata görä, öz öýümde kiçeňräk işe başladym. Men ýerli kärhanalara jaň edip, olaryň iş ýerinde kompýuter ulanýandygyny ýa-da ulanmaýandygyny soradym. Eger ulanýan bolsalar, ony näme üçin ulanýandyklaryny hemem nähili meseleleriň ýüze çykýandygyny soradym.
Ýaş ýigit ýylgyrdy-da, şeýle diýdi:
— Düşünýän... müşderileriň barada ähli zady bilmeli.
— Hut şeýle. Şeýlelikde, men olara haýsy ugurda kömek berip biljekdigimi anykladym. Meniň pikirimçe, müşderiler barada bilmek, siziň bilmeli iň möhüm zadyňyz. Eger-de siz adamlaryň ýetmezlik edýän tarapyny bilseňiz, islendik işde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Ünsüni bir nokada gönükdirip, gaty kän adam öz işine başlaýar, ýöne hakyky üstünlige müşderileriniň gözi bilen garamagy başarýan adamlar ýetýär. Olar: «Müşderilere näme gerek, olar nämä mätäç?» diýip, ilki özüne sorag berýär, soňra bolsa müşderileriniň islegini kanagatlandyrýar.
Men müşderilerimiň näme babatda kösenýänini anyklanymdan soň, olaryň iş ýagdaýynyň nähili ýol bilen gowlap boljakdygy hemem pullaryny nähili ýagdaýda tygşytlap biljekdigi barada meýilnama düzdim. Men olary tehnika bilen üpjün edip, talaba laýyk maksatnama taýynladym hemem kompýuterleriň nähili ýagdaýda gowy işleýändigini düşündirip biljekdigimi aýtdym. Sözümiň ahyrynda bolsa, bir ýylky tygşytlanan puldan özüme el haky bermeklerini aýtdym. Şeýlelikde, bu işden hemmeler hoşal boldy. Ýogsa-da, meniň birinji müşderimiň kimdigini bilýäňizmi?
Ýaş ýigit bilemok diýen manyda başyny ýaýkady.
— Meni işden çykaran kärhanam. Men olaryň ykdysady taýdan kösenýändiklerini bilýärdim. Ýörite maksatnama arkaly olaryň çykdaýjylaryny azyndan 25 göterim azaldyp boljakdygyny men sanlaryň üsti bilen düşündirdim. Men bu kärhananyň nähili işleýändigini alan bilimiň arkaly göz ýetirdim hemem täze maksatnama esasynda ýörelip ugralandan alty aý geçenden soň, kärhananyň çykdaýjylary 35 göterim azaldy.
Olar muňa gaty geň galdy, şonuň üçinem hemişelik müşderileriniň bolmagyny hemem her ýyl öz iş ýerlerinde kompýuterleriň nähili ulanylýandygyny barlamagy teklip etdiler.
Men bir ýylyň içinde 25 sany şertnama baglaşyp, öňki işimdäkiden bäş esse artyk gazandym. Soňky ýyl işlerim şeýlebir köpeldi welin, ýanyma kömekçi almaga mejbur boldum. Üç ýylyň içinde jemi gazanan pulum bolsa 1000000 funtdan agdy.
Görşüňiz ýaly, garry hytaýlynyň: «Her bir şowsuzlyk ýany bilen şowlulygyň düwünçegini alyp gelýär» diýen sözleri dogry bolup çykdy. Eger men köçede galmadyk bolsam hemem kompýuter tehnologiýasyny öwrenmedik bolsam, hiç wagt şu mahalky oturan ornumda bolmazdym.
— Bu zatlaryň ählisi ýörite bilimiň kömegi bilenmi? — diýip, ýaş ýigit geň galdy.
— Ýörite bilimiň ýeke özüniň üstünlige ýetjekdigi näbelli — diýip, hanym Braun aýtdy. — Hakyky Baýlygyň on sany syrynyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň, olaryň bary deň derejede möhüm. Ýöne hiç bir adam ýörite bilimsiz baýlyga ýetip bilmez.
— Maňa ýene bir zady aýtsaňyzlaň — diýip, ýaş ýigit hanym Braun bilen hoşlaşmazdan öň haýyş etdi. — Garry hytaýlynyň işleýän kärhanasynyň ady näme?
— O nämä gerek? Onuň bilen duşuşmak isleýäňizmi?
— Hawa.
— Gynansagam, men eýýäm onuň bilen duşuşjak boldum. Şol duşuşykdan aradan üç aý geçenden soň, men onuň edarasyna jaň edip, nireden tapyp boljakdygyny soradym.
— Olar näme jogap berdi?
— Olaryň jogaby meni gaty geň galdyrdy — diýip, hanym Braun aýtdy. — Olar bärde garry hytaýlynyň hiç wagt işlemändigini aýtdylar.
Agşamara ýaş ýigit öz ýazgylaryny gözden geçirdi.

(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...