Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (24-nji bölüm)

  • 19.05.2022 00:14
  • 8350
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (24-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Elbetde, sebäbi maksadymyza ýetmek üçin aňymyza gelmedik ýollary gözden geçirmeli bolýarys. Bir gezek şäherde täze ybadathana açynmak isleýän ruhany barada okadym. Ybadathana gurmak üçin onuň puly bolmandyr, şonuň üçinem ol oturypdyr-da, iş meýilnamasyny düzüpdir. Ine, olar:

  1. Mekdep jaýyny kärendä almaly.
  2. Masonlaryň jaýyny kärendä almaly.
  3. Awçylaryň jaýyny kärendä almaly.
  4. Kiçijik buthanany kärendä almaly.
  5. Boş ammary kärendä almaly.
  6. Jemgyýetçilik klubynyň jaýyny kärendä almaly.
  7. Adwentistleriň ybadathanasyny kärendä almaly.
  8. Musaýylaryň ybadathanasyny kärendä almaly.
  9. Awtomobilçileriň teatryny kärendä almaly.
  10. Boş meýdan, çadyr hemem ýygnalýan stullary kärendä almaly.

Onuň öňünde on sany mümkinçilik açylýar, şeýdibem ol awtomobilçileriň teatryny kärendesine alýar. Aradan bir ýyl geçýär, doktor Robert Şuller özüne ybadathana gurunmak isleýär. Ol ybadathanaň minarasynyň gaty beýik bolanyny, onuň uzaklardan görnenini arzuw edýär. Onuň adyna «Umyt minarasy» goýup, ony umydygäriň çeşmesine öwürmek isleýär. Onuň diňe bir çaga okadylýan, doga okalýan ýer bolman, ol ýere baran adamlaryň ruhy taýdan galkynanyny isleýär. Ýöne onuň öňünde bir kynçylyk döreýär — munuň üçin 1000000 dollar pul gerek bolýar. Doktor Şullera munuň ähmiýetsiz işdigini aýdýarlar, ýöne ol ýene on mümkinçilikden ybarat iş meýilnamasyny düzýär.

  1. 1000000 dollar berip biljek bir adam tapmaly.
  2. 500000 dollar berip biljek  iki adam tapmaly.
  3. 250000 dollar berip biljek dört adam tapmaly.
  4. 100000 dollar berip biljek on adam tapmaly.
  5. 50000 dollar berip biljek ýigrimi adam tapmaly.
  6. 25000 dollar berip biljek kyrk adam tapmaly.
  7. 20000 dollar berip biljek elli adam tapmaly.
  8. 10000 dollar berip biljek ýüz adam tapmaly.
  9. 5000 dollar berip biljek iki ýüz adam tapmaly.
  10. 1000 dollar berip biljek müň adam tapmaly.

Pul tapmak gaty kynam bolsa, doktor Şullera muny etmek başardýar! Şonuň üçinem bu meýilnamany iş ýüzünde ulansaň boljak.
— Hawa, munuň işde kömek etmegi mümkin — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Ýöne şahsy meselede näme? Meniň maksatlarymyň biri — şäheriň daşyndan iki akra meýdanly bäş otagly jaý edinmek. Häzirki gazanjym bilen ony edinmäge hiç hili mümkinçilik ýok. Diňe ýekeje otagly jaý alyp biljek.
— Eger lotereý utuşyny hasap etmeseň, siz öz gazanjyňyzy köpeldip bilersiňiz. Siz öňüňizde gulluk wezipäňiziň ýokarlanmagy barada maksat goýuň ýa-da has gowurak iş gözleniň. Siz häzir maksadyňa ýetmek üçin nähilidir bir üýtgeşmeleriň bolmalydygyny bilýäňiz ahyry.
Munuň häzir geň görünjegini bilýän, şeýle-de bolsa oýlanyşykly iş meýilnamasyny düzmäge synanyşyň. Geliň, ilki bilen, siziň ýyllyk gazanjyňyzy köpeltmek barada pikir edeliň. Siz häzir näçe gazanýaňyz?
— 15000 funt — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Düşnükli. Şeýlelik-de, eger siz her ýylky girdeýjiňizi köpeltseňiz, ýene bäş ýyldan ol 480000 funt bolar. Bu siziň isleýän öýüňizi satyn almaga artygy bilen ýetjek.
— Ýöne men nädip girdeýjimi köpeltmeli? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Ýaňky meýilnamanyň kömegi bilen. Siz bu barada kelläňize gelen islendik pikiri ýazyň.
— Ýagşy — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Men häzirki işimde direktoryň derejesine çenli baryp biljek. Eger muny edip bilsem, bir ýylda 300000 funt gazanyp bilerin.
— Bu bir mümkinçilik, ýöne, dogrusy, muňa ýetmek kyn. Sebäbi direktoryň ornuna barmak üçin, azyndan bäş ýyldan gowrak wagt gerek.
— Meniň ýene bir edip biljek zadym — satýan zadymdan haýyr görmek.
— Hawa, ýöne jaý satyn almak üçin gowuja haýyr görmeli bolarsyňyz — diýip, hanym Hill aýtdy. — Siz gowy hünär edinmek barada nähili pikir edýäňiz? Bu size gowy hak tölenýän işde işlemäge mümkinçilik berer.
— Meň şeýle-de çykdaýjym ýeterlik, maňa girdeýji gerek — diýip, ýaş ýigit garşylyk görkezdi.
— Razylaşýan, ýöne siz agşamky okuw jaýlarynda okap bilersiňiz.
— Munyň dogry — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Bu barada oýlanmandyryn.
— Öz işiňe başlamak barada näme pikir edýäňiz? — diýip, hanym Hill gyzyklandy.
— Bu jaýly meseläni çözmek üçin gowy pikir — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Ýöne näme iş etsemkäm?
— Muňa oýlanyşylykly düzülen meýilnama kömek edip biler. Adamlaryň aglabasy başlan işiniň özüne ýarajagy, haýsy tarapynyň agdyklyk ýa-da kemterlik edýändigi barada oýlanman hünär saýlanýar. Olarda özleriniň geljegi barada düşünje ýok. Haçan-da, adam şonuň ýaly ýola düşende, ol işini gazanç çeşmesine öwürýär. Ol adamda işine bolan höwes, ruhubelentlik bolman, netijede, bütin ömrüne halamaýan işi bilen gümra bolup geçýär. Bular ýaly adamlar durmuşda hiç zat gazanmaýarlar.
Ýaş ýigit uludan demini aldy. Hanym Hilliň aýdýan zatlary onuň durmuş ýoluna gabat gelýärdi. Ol işinden hiç wagt göwni suw içmändi, diňe hasaplaryny ýapmak üçin mümkinçilikdi. Ol hiç wagt haýsy käriň özüne lezzet berjegi ýa-da haýsy kärde işläp biljekdigi barada oýlanmandy.
— Eger siz bir zady aňry-başly edesiňiz gelýän bolsa — diýip, hanym Hill gürrüňini dowam etdi, — bular ýaly soraglary özüňize bermeli bolarsyňyz. Sebäbi edýän işiňizden lezzet almasaňyz hemem şol işiň ussady bolmasaňyz, onda işiň gowy ýerine ýetirilendigine ynamyňyz bolmaz. Şo sebäpli, eger işiňizi gowy ýerine ýetirmeseňiz, näme üçin gowy gazanja gözüňizi dikýäňiz?
Bir parasatly aýdylan söz bar: söýýän işiňe ýapyş, pul bolsa geler durar. Eger siz bir zady gowy görýän bolsaňyz, şol işiň ussady bolmak üçin tagalla baryny etjekdigiňiz ikuçsyz. Ýöne köp adamlar muny tersine edýär: olar höwes edýän zadyna ýetmek üçin pul gazanmak isleýär. Netijede, hepdäniň bäş gününi halamaýan işlerine sarp edýärler, soňra bolsa durmuşda hiç zady gazanyp bilmändiklerine geň galýarlar.

(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
13602

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
8644

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
8568

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
13789

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...