Iş maslahaty: Serdar Berdimuhamedow häkimleriň hasabatlaryny diňledi

  • 17.05.2022 07:27
  • 18k+

16-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

Iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, sebitleriň häkimleri welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, galla oragyna görülýän taýýarlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, orakda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş bölümleriniň, terezileriň, awtoulaglaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde welaýatlaryň häkimliklerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabatynyň dowamynda döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini nazara alyp, sebitde gowaça ekişini gysga möhletlerde doly tamamlamak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada maglumat berdi. 

Wise-premýer pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 576 tonnadan gowrak piläniň tabşyrylandygyny we bu ugurda bellenilen meýilnamanyň 25,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Häzirki döwürde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pile tabşyrmak işleri dowam edýär. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......