Serdar Berdimuhamedow sebitleriň häkimleri bilen ilkinji iş maslahatyny geçirdi

  • 29.03.2022 08:34
  • 28k+

28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Maslahatyň başynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 19 müň 561 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi barada hasabat berdi. Daşoguz welaýatynda 30-njy martda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berlip, bu ugurda häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilen 30 müň gektar ýazlyk ýeralma we 10 müň gektar sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek işleriniň dowam edýändigi bellenildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......