Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitinde nähili teklipleri öňe sürdi?

  • 28.01.2022 09:39
  • 6.8k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 27-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşyp, çykyş etdi we birnäçe täze teklipleri hödürledi. Sammitiň gün tertibine bar bolan ägirt uly kuwwaty hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammiti ýeňil bolmadyk şertlerde geçirilýär. Umumy halkara durnuksyzlyga pandemiýa howpy we beýleki wehimler hem goşuldy. Halkara ýagdaýyň dartgynlylaşýan, gapma-garşylyklaryň artýan, halkara hukugyň kadalarynyň ýoýulýan, kähalatlarda bolsa aç-açan äsgerilmeýän şertlerinde jogapkärçilik, pähim-parasat örän möhümdir. Emma, şunuň bilen birlikde, şol howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek hem örän wajypdyr.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdi. Olar, hususan-da:

  • «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň Sekretariatyny döretmek;
  • «Merkezi Aziýa — Hindistan» Parlament forumy baradaky teklibi goldamak;
  • Howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli dialog geçirmek başlangyjyny goldamak;
  • Türkmenistanyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täze filosofiýasyny goldamaga çagyryp, bu ugurda halkara guramalarda, ilki bilen, BMG-de ulgamlaýyn bilelikdäki işi ýola goýmak;
  • «Merkezi Aziýa — Hindistan» işewürlik geňeşine hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmagy, ýakyn geljekde amala aşyrylmaly bilelikdäki taslamalara ünsi jemlemegi tabşyrmak;
  • «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemek;
  • Hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky teklibini goldap, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmek;
  • «Merkezi Aziýa — Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasyny döretmek meselesine seretmek;
  • ýubileý ýylynda ýurtlarymyzyň şäherlerinde bilelikdäki medeni çäreleriň tapgyryny guramak bilen baglanyşykly tekliplerden ybaratdyr.

düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......