Berdimuhamedow "Hytaý-Merkezi Aziýa" onlaýn sammitinde giňişleýin çykyş etdi

  • 25.01.2022 23:22
  • 8.9k+

25-nji ýanwarda geçirilen "Hytaý-Merkezi Aziýa" sammitinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, sebit ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlar barada durup geçdi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Hytaýdan gaýdyp Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň hem-de öňegidişliginiň faktory bolmak bilen, bu ýol arkaly özara hereketleriň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda we medeniýetde gazanylanlaryň alşylmagynyň ägirt uly hem-de özboluşly tejribesi toplanypdyr. 

Duşuşygyň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, bu günki günde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ähmiýetli derejede işjeň täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýanyň halkara tejribä netijeli ornaşdyrylmagynda özüniň esasy hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň hatarynda Hytaý Halk Respublikasyny we Merkezi Aziýa döwletlerini görýändigini belledi.     

Ýurtlaryň ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmekleri üçin ägirt uly şertleri döredýän umumy mümkinçilikleriniň, kuwwatly gor, senagat, tehnologiki binýatlarynyň ähmiýetini öňe çykarmak arkaly, munda ýangyç-energetika pudagynyň esasy orunlaryň birini eýeleýändigi hem nygtaldy.  

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçýän strategik häsiýete eýe bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini deňhukuklylyga, köptaraplaýyn bähbitleriň ileri tutulmagyna esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň anyk mysaly hökmünde beýan etdi. Şonuň ýaly-da, taraplaryň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatynda özara gyzyklanmalarynyň bardygy hem bellenildi.

Medeni-ynsanperwer, bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylmy we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem sammitiň barşyndaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Taraplar şonuň ýaly-da, pandemiýanyň ýaýramagyna hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerine garşy göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berdiler. 

HHR-niň ýolbaşçylaryny we ähli hytaý halkyny nobatdaky Olimpiada bilen gutlamak bilen, Türkmen döwletiniň Baştutany gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tutuş Ýer ýüzünde millionlarça adamlar üçin sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüljekdigini aýtdy. 

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......