Berdimuhamedowyň welaýatlara saparlarynyň netijeleri: sebitlerde sosial ýagdaýlar ünsden düşürilýär

  • 25.01.2022 11:09
  • 16k+

24-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada aýdyp, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyny belledi. Hususan-da, ýol gurluşygynyň, medeni-durmuş maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginleri häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň sebitleriň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Türkmen Lideri döwlet tarapyndan degişli goldawlaryň berilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigine, ýol gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hiliniň we depginleriniň pese gaçandygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýol-ulag düzümine degişli işleri bellenilen meýilnama we häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi we wise-premýer Ç.Purçekowa ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ykdysady toplum bilen bilelikde degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......