Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy öz işine başlaýar

  • 06.08.2021 08:36
  • 6.7k+

Şu gün, 6-njy awgustda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Kongresler merkezinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy öz işine başlaýar.

Öňküsi gün, 5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ýokary derejedäki wekiliýetler Türkmenbaşy şäherine geldiler.
Irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkeziniň «Ikitaraplaýyn duşuşyklar otagynda» Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň bilelikdäki surata düşmek dabarasy geçirildi.
Ondan soňra, «Awaza» Kongresler merkeziniň Mejlisler jaýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy başlandy. Onuň barşynda döwlet Baştutanlary 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine serederler. Şeýle hem Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine girizilen sebitiň durnukly ösüşi, söwdany ýokarlandyrmak, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek, ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, pandemiýa garşy göreş tagallalaryny jemlemek ýaly ugurlarda özara pikir alşarlar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany bilen sylaglamak dabarasy meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň metbugat wekillerine ýüzlenmesi göz öňüne tutulýar.
Hazaryň kenarynda halkara çärelerine gatnaşmak üçin çagyrylan TmCars.info-nyň habarçylary bu ýerdäki wakalaryň barşy barada okyjylarymyzy yzygiderli tanyşdyryp durar.
Belläp geçsek, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......