Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

  • 11.09.2025 11:03
  • 7k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. 

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.
Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda pagtanyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda pagtanyň degişli möçberiniň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Döwrebap suwaryş ulgamlaryny döretmäge, oba hojalyk toplumynyň tehniki parkyny täzelemäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär, döwletimiz tarapyndan dünýäniň belli kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şu gezekki ýygym möwsüminde hem meýdanlarda döwrebap kombaýnlar işlediler, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar, traktor tirkegleri ulanylar. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek maksady bilen, tehnikalara gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň netijeli işlemegi, dynç almagy üçin talabalaýyk şertler döredildi.
Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady.
Pagtanyň bol hasylyny ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......