Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (26.05 - 01.06)

  • 26.05.2025 23:33
  • 13k+

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada "Türkmenistan" gazetinde maglumat berdi.

Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +19 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +31 gradus maýyldan +35... +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +30 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.


düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......