Türkmenistanda şu hepdede gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar (27.01 - 02.02)

  • 27.01.2025 16:02
  • 14k+

Gidrometeorologiýa baradaky gulluk Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda maglumat berdi.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -4 gradus sowukdan 0... +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +5 gradusdan +8... +10 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... +4 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -3... +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... +4 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan -4... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl bolar.


şu gün 00:04
1k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

düýn 04:56
2.7k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

27.05.2026 18:14
4.2k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

27.05.2026 01:10
2.5k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......