Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 14.01.2025 09:48
  • 6.8k+

13-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Sürüm geçirilen ýerlerde tekizleýiş, geriş, çil çekmek bilen bir hatarda, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagtaçy babadaýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin zerur işler geçirilýär. Möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we olaryň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan işlere ünsi çekdi we welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde fosfor döküni bilen gurplandyryş, sürüm, tekizleýiş, çil, geriş çekmek işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany gowaça ekişi baradaky meselä ünsi çekip, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, ýazky ekişe talabalaýyk taýýarlamak üçin degişli işleriň alnyp barylmagyny tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almagyň, ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýazky ekiş möwsümine häzirki günlerden gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamak, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy.


şu gün 10:49
379

Türkmenistan we Malaýziýa öňde duran ýokary derejeli duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,......

düýn 23:33
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

düýn 02:06
3.7k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

26.04.2026 09:48
1.9k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......