Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

  • 26.11.2024 11:06
  • 11k+

25-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri sürmek hem-de mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak, bejermek işlerine girişildi. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda alnyp barylmagynyň, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak meselesine-de ünsi çekip, gowaça ekiljek ýerlerde degişli agrotehniki çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, daýhan birleşiklerinde pagta öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarda we gurallarda abatlaýyş işlerini talabalaýyk ýola goýmagy, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......