Serdar Berdimuhamedow häkimlerden welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy

  • 12.11.2024 09:08
  • 11k+

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, awtoulaglary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli çäreler görülýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly, ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, senagat kärhanalaryny çig mal bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we wise-premýere möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegiň, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly babatda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek, sebitlerde bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......