Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

  • 05.11.2024 10:31
  • 8.1k+

4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, awtoulaglar netijeli işledilýär. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmäge ýardam etjekdigini aýtdy hem-de welaýatlarda bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, talaplara laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlarda ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegi, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini gazanmagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutany Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......