Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 17.09.2024 09:51
  • 4.7k+

16-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, tabşyrylýan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde hem-de netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýeralmanyň gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlarda bugdaý ekişiniň alnyp barlyşyna gündelik gözegçilik etmegi, bugdaý meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy, ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......