Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 10.09.2024 00:01
  • 11k+

9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 11-nji sentýabrynda pagta ýygymyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalar we pagta kabul ediş harmanhanalar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.
Ýurdumyzda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde  we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde hem-de netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.    
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Şeýle hem welaýatlarda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň alnyp barlyşyny hem berk gözegçilikde saklamagy, Maksatnama boýunça gurulmaly desgalaryň tabşyrylmaly wagtyna we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......