Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

  • 05.09.2024 10:09
  • 5k+

4-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi.

Ýurdumyzyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlap, möwsüme jogapkärli çemeleşdiler. Ekişe bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri taýýarlanyldy.
Bugdaý ekişiniň badalga almagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm”, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalyklarynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge, bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny öz wagtynda berjaý etmäge we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......