Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

  • 03.09.2024 03:38
  • 8.6k+

2-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH agentligi habar berdi.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri hem-de wise-premýer T.Atahallyýew ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýerlerde bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamaga ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak ähli ekiji gurallar, oba hojalyk tehnikalary taýýar edilip, häzirki wagtda gerek bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkimler açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 4-nji sentýabrynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatlarda bugdaý ekişine girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişi, pagta ýygymy möwsümlerini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, güýzlük ekinleriň ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......