ÝB-de awtomobil satuwy iýun aýynda ýokarlandy, ýöne elektromobilleriň paýy azaldy

  • 19.07.2024 15:27
  • 7.6k+

2024-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginde täze awtomobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3% ýokarlanyp, 1,09 mln birlige ýetdi. Bu Ýewropanyň awtomobil öndürijileriniň assosiasiýasynyň (ACEA) maglumatlaryndan gelip çykýar.

Esasy görkezijiler:

  • Germaniýa: satuw 6,1% ýokarlandy (280 139 awtoulag satyldy)
  • Italiýa: +15,1% (159 982)
  • Ispaniýa: +2,2% (103 357)
  • Fransiýa: -4,8% (181 709)

Umumy Ýewropa boýunça (ÝB + Islandiýa, Norwegiýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa) satuw 3,6%, 1,311 mln birlige çenli ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde, ÝB-de elektromobil satuwy 1% peselip, 156 408 birlik boldy, bazarda olaryň paýy 15,1%-den 14,4%-e çenli azaldy.

Awtoöndürijiler boýunça satuw:

  • Volkswagen Group: +4,7%
  • Stellantis: +0,4%
  • Renault: +6,2%
  • BMW: -4,6%
  • Mercedes-Benz: -2,7%
  • Toyota Group: +13,7%
  • Hyundai Group: -6,9%
  • Tesla: -6,1% (33 680 awtoulag)

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ÝB-de awtomobil satuwy 4,5% ýokarlanyp, 5,684 mln birlik boldy. Elektromobil satuwy 1,3% ýokarlanyp, 712 637 birlige ýetdi.


düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......