Mumiýanyň esasynda “Gyzyl çaýylan hanymyň” ýüz keşbi döredildi. Bu müsürli zenan 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçipdir

  • 18.07.2024 15:41
  • 11k+

Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy bolan “Gyzyl çaýylan hanymyň” 3D görnüşini  döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy diýip, New York Post ýazýar.

Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin Çikagodaky Tebigatyň taryhy muzeýinde saklanýan zenanyň daşa öwrülen süňkleriniň galyndylaryny öwrendiler. Süňkleri we bedeniň içki ulgamlaryny anyklamak, kompýuter tomografiýasy arkaly kelläni täzeden gurnamak üçin rentgen şöhlelerini ulandylar.

"Ilki bilen KT skanerleri arkaly kelleçanagy täzeden gurduk, soň bolsa äňiň ýagdaýyny sazladyk – diýip, Morais gürrüň berdi. - Kelleçanak diri adamlaryň tomografiki skanerlerinden ölçenen maglumatlary ulanyp, burun, gulak, gözüň ýagdaýy we dodaklaryň çäkleri ýaly gurluşlary dizaýn etmäge mümkinçilik berýär".

Görnüşi ýaly, “Gyzyl çaýylan hanymyň” diri wagty “näzik, ýaş ýüzli”, derisi ýylmanak we gysgadan seçelenip duran saçly bolupdyr. Ol dişleriniň gysylmagyndan ejir çekipdir we eňeginde şepbik tokgalary tapyldy, olar mumiýalanan wagtynda goýlan bolsa gerek.
Aýalyň ady belli bolmasa-da, jaýlanyş usuly onuň orta gatlaga degişlidigini görkezýär.
Ondan öň Morais we onuň kärdeşleri gadymy adamyň, orta asyr alymy Nikolaý Kopernigiň, faraonlar Ramses II-niň, Amenhotepiň we söweşde wepat bolan Sekenenr Tao II-iň keşbini dikeldipdiler.


düýn 20:31
3k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......