300 000 ýyl mundan ozal ýaşap geçen iň gadymy adamyň daş keşbi nähili bolupdyr

  • 23.06.2024 15:08
  • 18k+

Alymlar 300 000 ýyl ozal ýaşap geçen iň gadymy adamyň keşbini täzeden dikeltdiler. 2017-nji ýylda Marokkodan tapylan kelleçanagyň kömegi bilen onuň  ýüzüni täzeden dikeltmek mümkin boldy diýip, The Guardian habar berýär.

Germaniýanyň Maks Plank jemgyýetiniň barlagçylary we braziliýaly tanymal hünärmen Sisero Morais kelleçanagy sanly skanerden geçirip, hakyky keşbini döretmek üçin oňa ýumşak dokumalaryň we deriniň gatlaklaryny goýdular.
Alymlaryň sözlerine görä, modelde şekillendirilen adam “güýçli we parahat”.
2017-nji ýylda Jebel-Irhud arheologiki ýadygärlikler meýdançasynda bu kelläniň tapylmagy haýran galdyryjy waka boldy, sebäbi bu Homo sapiens-iň gelip çykyşy baradaky bar bolan nazaryýete ters gelýärdi. Ondan öň biziň görnüşimiziň iň gadymy daşa öwrülen galyndylary Efiopiýada tapylanlar hasaplanýardy - olaryň ýaşy takmynan 195 müň ýyldy. Marokkodan tapylan galyndylaryň ýaşy Homo sapiens-iň 100 000 ýyl öň peýda bolandygyny we olaryň Afrikadan has ir göçüp başlandyklaryny görkezýär.
Rekonstruksiýanyň öňdebaryjy usullaryna garamazdan, çanaklyk süňkleriniň ýoklugy we DNK-nyň zaýalanandygy sebäpli adamyň jynsyny kesgitlemek mümkin bolmady.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....