Gözlegçi alym-astronom Kopernigiň ýüz keşbini dikeltdi

  • 30.03.2024 08:25
  • 8.3k+

Polşaly alym Nikolaý Kopernik (1473-1543) häzirkizaman astronomiýasynyň esaslandyryjysy hasaplanýar. Ol Ýeriň we ähli planetalaryň Günüň daşyndan aýlanýandygyny görkezýän dünýäniň geliosentrik sistemasyny hödürledi.

Ýöne astronomyň we matematigiň ýaşan wagtyndan portretler saklanmandyr, şonuň üçin onuň nähili bolandygy anyk belli däl, biziň günlerimize gelip ýeten Kopernigiň portreti bolsa 1580-nji ýylda, ýagny alymyň ölüminden 37 ýyl soň çekilipdir.
Braziliýaly gözlegçi we 3D dizaýneri Sisero Morais muny düzetmek kararyna geldi. Öň, biz onuň 700 ýylda ilkinji gezek italiýaly şahyr Dante Aligýeriniň ýüz keşbini dikeldip bilendigini habar beripdik.
Indi Morais Kopernigiň çak bilen meşhur astronoma degişli bolan kelle süňküne esaslanýan ýüz keşbini dikeltdi diýip, Daily Mail habar berýär.
Gözlegçi kelle süňküniň ýetmeýän böleklerini döretmek we soňra ýüzi modelirlemek üçin kompýuter tomografiýasyny ulandy. Moraisiň işiniň netijesi 1580-nji ýylda çekilen Kopernigiň portretine meňzeýär.
Şeýle-de, Morais agzy kerpiçli jaýlanan XVI asyryň aýalynyň ýüz keşbini dikeltdi. Bu 2006-njy ýylda mergi keseliniň pidalarynyň köpçülikleýin mazarynda tapylan aýalyň kelle süňküne esaslanýar.
Onuň agzyna gysdyrylan kerpiç alymlary onuň öz wagtynda “wampir” hasaplanan bolmagynyň ähtimaldygy baradaky pikire getirdi.
Morais kerpijiň aýalyň agzyna onuň ölüminden soň bilkastlaýyn goýlandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin kelle süňküniň we diş dugasynyň modelini döredip hem-de penopolistiroldan kerpijiň nusgasyny ýasap, birnäçe tejribe geçirdi. Netijeler muny hiç hili zyýan ýetirmezden edip boljakdygyny görkezdi.
Şeýlelikde, Kopernigiň ýüz keşbiniň dikeldilmegi onuň şahsyýetine has çuňňur düşünmäge, “wampiriň” gözlegi bolsa XVI asyrdaky ölümler we keseller barada düşünje almaga mümkinçilik berer.


şu gün 10:51
511

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....