Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär

  • 16.07.2025 06:27
  • 6.3k+

Pekin tehnologiýa institutynyň alymlary beýnä täsir edýän dolandyryjy arkaly dolandyryp bolýan dünýäde ilkinji kiborg aryny döretdi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.

Enjamyň agramy 74 milligram bolup, bu arylaryň göterýän şireli haltasynyň agramyndan hem azdyr. Kontroller mör-möjegiň ganatynyň galyňlygynda çeýe polimer plýonkadan döredilip, infragyzyl kabul ediji bilen enjamlaşdyryldy. Gurluş arynyň arkasyna berkidilýär, onuň beýnisine üç sany inçe iňňäni dürtýär we elektrik signallary iberip, aryny buýruklary ýerine ýetirmäge – öwrülmäge, öňe ýa-da yza uçmaga mejbur edýär. Buýruklaryň ýerine ýetiriliş takyklygy 90%-e ýetýär.
Bu işläp taýýarlama tarakanlar we tomzaklar üçin kontroller döreden singapurly hünärmenleriň üstünliklerinden öňe geçýär. Şol bir wagtyň özünde, şol bir signallaryň täsirine dürli mör-möjekleriň özüni alyp barşy tapawutlanyp bilýär. Synaglaryň dowamynda arylar aýlaw boýunça uçmak ýaly çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirdi, tarakanlar bolsa diňe göni hereket edip, signallara boýun bolmagy tiz bes edipdi.
Tehnologiýanyň ýetmezçiligi simli elektrik üpjünçiliginiň zerurlygy bolup galýar – awtonom batareýalar häzirlikçe örän agyr. Dolandyryş penjelere we garna täsir etmezden, diňe ganatlar arkaly amala aşyrylýar.
Işläp düzüjiler bu tehnologiýa harby we halas ediş işlerinde ulanylyp bilner diýip hasaplaýar. Onuň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi haýwanlaryň beýnisini we tebigatda özüni alyp barşyny öwrenmek üçin täze platformalary döretmäge mümkinçilik berer. 


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....