Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler

  • 16.07.2025 06:16
  • 3.4k+

Ýewropaly molekulýar biologlar organyň dokumalaryna netijeli ýapyşýan we çynlakaý zeper ýetmelerde onuň regenerasiýasyny çaltlaşdyrýan bagyr sütün  öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilişini işläp taýýarladylar. Bu açyş sirrozyň agyr görnüşlerinde bagyr transplantasiýasyna alternatiwa bolup biler diýip, Birmingem uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

"Bagyr transplantasiýasy häzirki wagtda köp agyr bagyr kesellerini bejermegiň ýeke-täk usulydyr, ýöne lukmanlar, köplenç, operasiýa etmek üçin laýyk gelýän donor tapyp bilmän kösenýärler. Biziň döreden çemeleşmämiz öýjükleriň bagyr dokumasyny dikeldiş ukybyny ýokarlandyrmak arkaly bagyr transplantasiýasynyň alternatiwasyna öwrüler" – diýip, Birmingem uniwersitetiniň dosenti Mariýa Arno düşündirdi.

Barlagçylar bagyr dokumasyna öwrülmäge ukyply sütün öýjükleriniň bir görnüşi bolan HPC öýjükleri bilen işlediler. Olary ulanmak üçin edilen ozalky synanyşyklar diri galmagyň derejesiniň pesdigi sebäpli şowsuz bolupdy. Alymlar bu meseläni öýjükleri uglewodlar bilen örtmek arkaly çözdüler, olar molekulýar “ýelimiň” barlygynda zeper ýeten bagyr dokumasy bilen berk baglanyşýarlar.
Bu "ýelim" öýjükleriň ýaşaýyş işjeňligini bozmaýar, ýöne olaryň birmeňzeş paýlanmagyny we organa ygtybarly birikmegini üpjün edýär. Usulyň netijeliligi laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen kiçi bagyr modellerinde geçirilen synaglarda tassyklandy.

"Biziň çemeleşmämiz öýjük geniniň gurluşyna üýtgetmeler girizmegi talap etmeýär, bu bolsa kliniki tejribede ulanylmagyny ep-esli aňsatlaşdyrýar. Başga görnüşli öýjükli ösüntgileri hem şuňa meňzeş usulda alyp bolar diýip çaklaýarys, ýöne bu tehnologiýany ulanmak üçin öýjükleriň möhüm işjeňligine täsirini we bu üýtgeşmelere immun täsirini öwrenmeli" -diýip, Arno sözüniň üstüne goşdy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....