Tutanhamonyň atasy faraon Amenhotep III-niň ýüz keşbi döredildi. Ol 3400 ýyl mundan ozal ýaşap geçipdir

  • 17.05.2024 19:40
  • 19k+

Braziliýaly grafika dizaýneri Sisero Morais dünýäni ýene bir paleontologik rekonstruksiýasy bilen tanyşdyrdy. Bu gezek hünärmen Gadymy Müsüriň iň meşhur faraonlarynyň biri bolan Amenhotep III-niň ýüz keşbini döretdi.

Amenhotep III (b. e. öň 1400–1351-nji ýyllar) takmynan 3400 ýyl ozal Müsüri barha güýjän we gülläp ösen döwründe dolandyrypdyr. Onuň hökümdarlygy görlüp-eşidilmedik ykdysady üpjünçiligiň we gadymy Müsür siwilizasiýasynyň başlangyjy hasaplanýar. Ol faraon Ehnatonyň kakasy we kuwwatly Tutanhamonyň atasydyr.
Daily Mail-iň habaryna görä, Morais  bilen bilelikde halkara alymlar topary, faraonyň mumiýasynyň kelle süňkünden alnan maglumatlary ulanyp, onuň hakyky ýüzüni döredip bildiler. Dikeldiş, Amenhotep III-niň daşky görnüşiniň heýkellerdäki şekillerden düýpgöter tapawutlanýandygyny görkezdi. Onuň, parahatçylykly dolandyryşyna laýyk gelýän asuda ýüzi bardy. 

Hünärmenler, mumiýadan alnan suratlary we maglumatlary ulanyp, Amenhotep III-üň kellesini sanly görnüşde dikeldip başladylar. Soňra, Morais faraonyň burnunyň, gulaklarynyň, gözleriniň we dodaklarynyň ululygyny we ýagdaýyny kesgitlemek üçin, diri donorlaryň maglumatlaryny ulandy.
Morais, kompýuterde ýüzi täzeden dikeltmek boýunça tanalýan hünärmendir. Onuň, orta asyr astronomy Nikolaý Kopernigiň we wampir hasaplanýan aýalyň keşbini döredendigini, öň habar berdik. Şeýle-de bolsa, ol beýle gyzykly iş bilen meşgullanýan ýeke-täk adam däl. Ýaňy ýakynda, iňlis alymlary 75,000 ýyl mundan ozal ýaşan neandertal aýalyň ýüzüni täzeden dikeltdiler. Onuň keşbi, 200 kelle süňk böleklerinden dikeldildi.


düýn 23:37
1.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......