Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy

  • 02.08.2025 00:23
  • 5.9k+

Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň  Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler. Ylmy makala Planetary Science Journal neşirinde çap edildi.

2020 VN40 Günüň daşyndan Neptunyň her on aýlawyna deň bolan bir aýlawy tamamlýan ilkinji mälim jisimdir. Neptunda bir ýyl 164,8 Ýer ýylyna, diýmek 2020 VN40-de bir ýyl takmynan 19776 aýa deňdir. Alymlaryň çaklamagyna görä, Neptunyň orbitasy bilen bu rezonansly hereket buz ägirdi tarapyndan wagtlaýyn dartyş güýji bilen baglanyşykly bolup biler.
Jisim juda kese orbitada ýerleşip, Günden ortaça uzaklygy Ýer bilen Günüň arasyndaky uzaklykdan ortaça 140 essedenem uludyr. Şeýle-de bolsa, 2020 VN40, Neptun bilen sinhronlaşýan orbitalary bolan beýleki obýektlerden tapawutly hereket edýär. Ol Güne Neptunyň özi ondan iň uly daşlykdaka ýakynlaşýar.

"Bu Gün ulgamynyň daşky bölegine düşünmekde öňe ädilen möhüm ädimdir. Bu, hatda uzak sebitlerde hem Neptunyň täsiri astyndaky zatlaryň bolup biljekdigini we Gün ulgamynyň nähili ösendigini görkezýär" -diýdi.
"Bu uzakdaky obýektleriň näderejede hereket edýändigi baradaky düşünjämizi üýtgedip biler" – diýip, Santa-Kruzdaky Kaliforniýa uniwersitetinden barlaga gatnaşyjylaryň biri Rut Mýurreý-Kleý aýtdy.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....