Alymlar derisi ýelekpisint bolan gadymy süýrenijiniň galyndylaryny tapdylar

  • 29.07.2025 14:09
  • 6.2k+

Fransiýada arka tarapy ýelekpisint gurluşly gadymy süýrenijileriň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň ýaşy 247 million ýyl diýip, Ştutgartdaky (Germaniýa) Döwlet tebigat ylymlary muzeýiniň metbugat gullugy habar berdi.

Galyndylar 1930-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Elzasdaky Trias eýýamynyň ýataklaryny öwrenýän fransuz kolleksioneri we höwesjeň paleontolog Lui Graufogeliň ýygyndysyndan tapyldy. Birnäçe ýyl mundan ozal onuň gyzy tapyndylary Ştutgart muzeýine tabşyrypdyr, şol ýerde-de olar jikme-jik öwrenildi.
Alymlar drepanozaur pisintlilere degişli ownuk Mirasaura grauvogeli süýrenijisiniň bedeniniň yzlaryny tapdylar. Jandaryň arkasy ýeleklere meňzeýän ösüntgiler  bilen örtülen. Olaryň gurluşy mikroskoplar we ESRF bölejik tizlendirijisi arkaly öwrenildi. Bu ösüntgiler gurluş taýdan hakyky ýeleklerden tapawutlanýar.
Tapyndy çylşyrymly deri örtükleriniň ilkinji ýelekli dinozawrlardan we süýdemdirijileriň ata-babalaryndan has ir peýda bolandygyny görkezýän ilkinji subutnamadyr.


düýn 22:30
613

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....