Gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan berk, arzan asfalt döretdiler

  • 29.07.2025 11:54
  • 8.4k+

Granada we Bolonýa uniwersitetleriniň alymlary gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan ekologiýa taýdan arassa asfalt öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Oýlap tapyş ScienceDirect žurnalynyň makalasynda beýan edildi.

Barlagçylar çilimiň süzgüçlerini düwürlere öwürýärler: ondan organiki küli aýyrýarlar, sellýuloza süýümlerini we PLA plastmassasyny komponentleri birleşdirýän Fişer-Troppa mumy bilen garyşdyrýarlar. Garyndyny berçinleýärler we düwürler emele gelýänçä gyzdyrýarlar.
Synag üçin alymlar könelen asfalt örtükden 40%-i gaýtadan işlenen materialdan we elektron çilimleriň düwürlerinden ybarat asfalt betony aldylar. Mum gyzgyn bituma goşulanda eräp, gurluşy güýçlendirýän we çeýeligi ýokarlandyrýan süýümleri çykarýar. Şeýle asfalt jaýrylmaýar, agrama we termiki deformasiýalara çydamly bolýar.
Tehnologiýa önümçiligiň temperaturasyny peseldýän we zyňyndylary azaldýan garyndynyň şepbeşikligini üýtgetmegiň hasabyna energiýanyň sarp edilişini azaldýar. Laboratoriýa synaglary täze asfaltyň üstünden ulag ýörände we gyzgynlyga gysylan wagtynda jaýryk atmaýandygy nukdaýnazaryndan adaty materiallardan has ýokarydygyny tassyklady.
Taslama Hytaýyň hökümetiniň goldawy bilen Granada uniwersitetiniň Gurluşyk inženerçiligi barlaghanasy we Bolonýa uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar. Tehnologiýa dünýäde her ýyl taşlanýan çilim naýçalarynyň, takmynan, 9 trillionyny ýok etmäge kömek edýär.


şu gün 08:10
1.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......