Alymlar DNK-nyň sakawlamak bilen baglanyşykly 57 bölegini tapdylar

  • 02.08.2025 00:18
  • 3.1k+

Halkara alymlar topary sakawlamak bilen baglanyşykly 57 genom bölegini tapdylar. Bu barada ABŞ-nyň Wanderbilt uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň (VUMC) metbugat gullugy habar berdi.

Barlaga birnäçe ýurtdan hünärmenler gatnaşdy. Olar 100 müň töweregi sakaw adamyň we bir milliondan gowrak sagdyn meýletinçiniň DNK-syna seljerme geçirdiler. Sözleýiş bozulmalarynyň 48 gen bilen baglanyşyklydygy, olaryň käbiriniň saz zehini we Alsgeýmer keseliniň döremek töwekgelçiligi bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Barlagçylar VRK2 genine aýratyn üns berdiler, onuň mutasiýalary depgini duýmak  duýgusynyň bozulmagy we sözleýiş ukyplarynyň peselmegi bilen baglanyşykly. Alymlaryň pikirine görä, bu gürleýiş depginiň kynçylyklary we sakawlaýan adamlarda sesleriň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bilen düşündirilip biler.

"Biziň barlagymyz genleriň gurluşynyň üýtgemeginiň sakawlygyň ösmeginde möhüm rol oýnaýandygyny görkezdi” – diýip, Wanderbilt uniwersitetiniň professory Jennifer Belou düşündirýär.

Şeýle hem, erkekleriň genetiki taýdan has ejizdigi ýüze çykaryldy, olaryň profili statistika bilen gabat gelýän sakawlamak ähtimallygyny has takyk çaklamaga mümkinçilik berýär: erkekler dört esse ýygy sakawlaýarlar we ýaşlarynyň ýokarlanmagy  bilen bu ýagdaýdan dynmak ähtimallygy az.
Barlagyň awtorlary bu anyklanan maglumatlaryň diňe logoped ýa-da psihologiki çemeleşmeler arkaly däl-de, newrobiologik mehanizmlere esaslanmak bilen hem täze bejeriş usullaryny işläp taýýarlamaga kömek etjekdigine ynanýarlar.


şu gün 08:10
1.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......