Alymlar gadymy Müsüriň söweşjeň şasy Sekenenra Taa II-niň ýüz keşbini dikeltdiler

  • 11.06.2024 06:54
  • 9.5k+

Alymlara gadymy Müsüriň “azatlyk ugrunda göreşiji” diýen at alan söweşjeň şasy Sekenenra Taa II-niň ýüz keşbini täzeden dikeltmek başartdy. The Sun gazetiniň berýän habaryna görä, ol giksoslar bilen bolan söweşde, Müsüri azat etmek ugrundaky göreşde wepat bolupdyr.

Sekenenra Tao II, takmynan, b.e. öňki 1569-1554-nji ýyllarda höküm sürüpdir.
Barlagçylar patyşanyň mumiýasyny öwrendiler we söweşde kellesinden ýaraly bolup ölendigini anykladylar.
Flinders uniwersitetiniň arheology Maýkl Habiht: "Balzamlaýjylar ellerinden gelenini edipdirler, ýöne Sekenenranyň ýüz keşbi beýleki şalaryň mumiýalaryndan düýpgöter tapawutlanýar, ol ellerini gursagynda gowşuryp rahat ýagdaýda ýatyr" –diýip gürrüň berýär.
Faraonyň daş keşbini täzeden dikeltmek işi 130 ýyldan gowrak wagtap  geçirilen gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ulanan braziliýaly 3D dizaýneri Sisero Morais tarapyndan amala aşyryldy. Netije gaty takyk boldy, ýöne patyşanyň derisiniň reňki ýaly, käbir jikme-jiklikler jedelli bolmagynda galýar.
Gözlegleriň netijesinde Sekenenranyň uzyn boýly, syratly adam bolandygy belli boldy. Egnindäki we döşündäki myşsalaryň galyndylary onuň diýseň gujurly bolandygyna şaýatlyk edýär. Faraon, megerem, 40 ýaşynda wepat bolan bolsa gerek.
Mundan ozal alymlar Müsüriň iň baý faraony Amenhotep III-iň daş keşbini täzeden dikeldipdiler. Ol Tutanhamonyň atasy bolupdyr.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....