Alymlar žiraflary dört görnüşe böldi

  • 23.08.2025 12:32
  • 5.9k+

Halkara tebigaty goramak birleşigi (IUCN) žiraflary resmi taýdan dört görnüşe böldi. Ozal olaryň hemmesi bir görnüş diýlip hasaplanýardy diýip, Bi-bi-si belleýär.

Indi ylym şu aşakdakylary tapawutlandyrýar:

  • Demirgazyk žiraf (günbatar afrikan, kordofan we nubiýa görnüşleri bilen),
  • Gözenekli žiraf,
  • Masaý žirafy (masaý görnüşi we Tornikroft žirafy bilen),
  • Günorta žiraf (günorta afrikan we angola görnüşleri bilen).

Soňky ýyllarda alymlar bu haýwanlaryň biri-birinden ep-esli tapawutlanýandygyna üns berdi. Bu hem toparlara bölünişe gaýtadan seretmek üçin esas boldy.
Hünärmenleriň pikiriçe, täzelenen çemeleşme žiraflara abanýan howplara has takyk baha bermäge we Afrikanyň dürli ýerlerinde olary goramak boýunça çäreleri işläp düzmäge kömek eder. Bu çözgüt milli we halkara derejesinde tebigaty goraýyş syýasatyna hem täsir eder.
Halkara tebigaty goramak birleşigi dünýäde iň uly ekologiýa ulgamydyr. Ol 1400-den gowrak guramany we 17 müň hünärmeni birleşdirýär. Birleşik 1948-nji ýylda döredildi we howp abanýan görnüşleriň Gyzyl sanawyny ýöredýär. Gurama biodürlüligi saklamak meselelerinde esasy we ygtybarly çeşme hasaplanýar. 


düýn 16:08
2.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....