Hytaýda robot balygyň kömegi bilen umman çuňluklary öwrenilip başlandy

  • 20.08.2025 14:19
  • 11k+

Harbiniň inženerlik uniwersitetiniň (Hytaý) ylmy gözlegçileri ummanyň energiýasynyň hasabyna hereket edýän ýumşak robot balygy döretdi. Ol umman ýaşaýjylaryna zyýan ýetirmezden onuň çuňluklaryndaky ýaşaýşy öwrenmek üçin niýetlenýär.

Robotyň uzynlygy 32 sm töweregi bolup, agramy 670 g barabar. Alymlar adaty suwasty enjamlardaky ýaly agyr hereketlendirijileriň deregine täze elektrogidrawlik ulgamy ulandy. Silikon korpusynyň gyralarynda deňiz suwunyň ionlaryny ulanyp, elektrik meýdanyny döredýän çeýe konstruksiýa ýerleşýär. Ol korpusyň içindäki suwuklygy hereket etmäge mejbur edýär, bu hem roboty herekete getirip, hakyky balygyň ýüzüşini ýasaýar.
Şeýle konstruksiýa robota çuňluklarda ýokary basyşa we adatdan daşary şertlere çydamaga mümkinçilik berýär.
Synaglaryň dowamynda robot 4 müň metre çümdi. Barlaghanada ol 10 müň metr çuňluga laýyk gelýän basyşa we 2 °C çenli temperatura çydady. Deňeşdirmek üçin, ummanyň iň çuň ýeri – Mariana oýlugyndaky Çellenjer çuňlugy 10 935 metrde ýerleşýär.
Kamera we optiki datçikler bilen enjamlaşdyrylan robot balyk ozal elýeterli bolmadyk çuňluklary öwrenmäge mümkinçilik berer diýip, alymlar belledi. 


düýn 16:08
2.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....