Türkmenistan galla oragyna taýýarlanýar: iş maslahatynda oba hojalyk işleriniň barşy maslahatlaşyldy

  • 28.05.2024 11:13
  • 6.5k+

27-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin taýýarlyk görülýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, pile tabşyrmak baradaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmegini tabşyrdy


şu gün 08:13
1k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1.8k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
660

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......